Self Destruction

By Mxrpheus

Released on February 12, 2021

Thumbnail

[Intro]

(Mxrpheus)


[Verse 1: SMART]

Hoş geldiň köçäme bärde başga ýaşaýyş

Kagyzlaryň oýnanok senem biçäre bir zat edip aşarys

Sylag gazanmak aňsat däl bilmersiň başaryp

Olar gara çalyp başa bilenok ýaşaryp

Güýjiň ýetmese eliňe daş alyp goran

Düýşüňi tä bolýançaň aşyryp çyna ylga

Oglanlaň' ýitirmäge zady ýok öňünden çykma bro

Indi diňe hapa kagyzlaň ýüzünde “Super Hero”

Näme üçin bäri geldiň körpäm aýt

Bärde gözleýän zatlaryň ýoga gaýt

Diňe agramsyz sözler çykýar agzyňdan

Meň tüýküren sakgyjymy ýerden galdyrdyň-da dymdyň

Gazanýas nebsi doýurjak bolup

Olaň gözünde hasam ýokary galjak bolup

Ýalandan gaçyp bakylyga jübä hapa saljak bolup

Dünýäni oýnajak bolup özümiz oýunjak bolduk


[Hook: SMART]

Düýş - süýji, hakykat - ajy

Nirde güýjüň? Ol häzir diýseň wajyp

Men başardym muny seret amala aşyrdym

Sen daşardan syn et öz ýaşymdanam ýaşardym

Düýş - süýji, hakykat - ajy

Nirde güýjüň? Ol häzir diýseň wajyp

Mеn başardym muny seret amala aşyrdym

Sen daşardan syn еt öz ýaşymdanam ýaşardym

(Ýaşymdanam ýaşardym)

(Ýaşymdanam ýaşardym)


[Verse 2: SMART]

Satlyk bary bärde haýsysyn sorasaň aýdaýyn bahasyny

Diňe gybat kömek etjek içinde az indi

Akyl berýä bulardan köpi gören iň azyny

Üns berme körpäm gepden bilmerdiň hiç zat gazanyp

“Arzuwlar” känä üýrýän itlere üns bermän ýöre

Tümlük bolsa daşyň ýagtyny özüňden gözle

Gämä näme at berseň şoňa görä ýüzer gider

Namartlar aýakdan çeker başar bolmagy mert peder

Olar näme diýse diýsin sen birinji

Ýykyldyňmy gynanma bu ýöne tejribe

Olar yzdan ýöreýji sen bolsa gurnaýjy

Üstüň kakyp ýöre ylga ýagty gelejegiňe

Hany görkez gaýradyň soňky damja güýçde

Öňüňde dag dursa daga derek özüňi süýşür

Arzuwlaňdan ýüz öwürme henizem giç däl

Ýykyldyňmy oýan bu hakykat ynan düýş däl


[Hook: SMART]

Düýş - süýji, hakykat - ajy

Nirde güýjüň? Ol häzir diýseň wajyp

Men başardym muny seret amala aşyrdym

Sen daşardan syn et öz ýaşymdanam ýaşardym

Düýş - süýji, hakykat - ajy

Nirde güýjüň? Ol häzir diýseň wajyp

Men başardym muny seret amala aşyrdym

Sen daşardan syn et öz ýaşymdanam ýaşardym